Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärdogan Eýran boýunça günbatarly ýurtlary aýyplady


Duşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Günbatar ýurtlary Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Eýrana adalatsyz haýbat atmakda aýyplap, çykyş etdi.

Britaniýanyň “Guardian” gazýetine beren bu baradaky interwýusynda Rejep Taýyp Ärdogan Eýrany ýadro ýaragyna eýe bolmak synanyşygynda aýyplaýan ýurtlaryň hemmesinde-de ýadro ýaraglarynyň bardygyny belledi.

Şeýle hem, ol bu interwýusynda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejatyň Türkýäniň dostudygyny-da nygtady.

Şu gün Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Eýrana iki günlük resmi sapara barýar.

XS
SM
MD
LG