Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 14 sany amerikan raýaty öldi


Duşenbe güni Owganystanda birnäçe harby wertolýotyň heläkçilige uçramagy netijesinde 14 sany amerikan raýaty öldi.

Birleşen Ştatlaryň harby resmisiniň maglumatyna görä, wakalardan birinjisinde ýurduň günortasynda ýaragly söweşijilere garşy harby operasiýanyň alnyp barylýan ýerine golaý ýerde amerikan wertolýoty ýere gaçanda 10 adam ölüpdir. Ölenlerden ýedisiniň harbylardygy, üçüsiniň bolsa graždan işgärleridigi aýdylýar.

Owganystanyň günortasynda düýn ýüz beren başga bir uçar heläkçiliginde bolsa, iki sany wertolýotyň çaknyşyp, ýere gaçmaklary netijesinde dört sany amerikan esgeriniň ölüp, ikisiniň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Talyp söweşijileri düýn bu wertolýotlaryň üçüsini-de özleriniň atyp ýere gaçyrandyklary barada maglumat ýaýratdylar. Emma amerikan harbylary bu heläkçilikleriň talyplaryň hüjümi bilen baglanyşyklydygyny ret edýärler.
XS
SM
MD
LG