Sepleriň elýeterliligi

Hamyt Kerzeý Abdullanyň çagyryşyny ret etdi


Owganystanyň prezidenti Hamyt Kerzeý saýlaw komissiýasynyň başlygyny we birnäçe ministri wezipeden boşatmak barada saýlawlarda bäsdeşi doktor Abdullanyň çagyryşyny ret edipdir.

“Olar kanuna garşy hiç bir zat etmediler” diýlip, Karzaýyň beýannamasynda bellenipdir.

Mundan öň Abdulla saýlaw komissiýasynyň başlygy, prezidentiň öňki geňeşçisi Azizulla Lodin hem birnäçe ministr döwlet apparatyny hem býujet serişdelerini Karzaýyň täzeden saýlanmagy üçin ulanýarlar-diýip, çykyş edipdi.

Ikinji tapgyr prezident saýlawlary Owganystanda 7-nji noýabrda geçiriler.
XS
SM
MD
LG