Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada hökümet koalisiýasy döredildi


Germaniýada ählumumy saýlawlardan bir aý töweregi wagt geçensoň, esasy syýasy güýçlere hökümet koalisiýasyny döretmek başardypdyr.

Sagçy-merkezçi kabinete hristian demokratlaryň lideri Angele Merkel baştutanlyk edýär. Koalision ylalaşyk Hristian sosial soýuzy hem Azat demokratlar partiýasy bilen baglaşylypdyr.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze hökümetiniň ilkinji maslahaty şu gün bolar. Ertir parlament agzalary formal taýdan Angele Merkeli hökümet başlyklygyna tassyklarlar.
XS
SM
MD
LG