Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň media boýunça wekili saýlanar


ÝHHG–niň Habar serişdeleriniň azatlygy meselesi boýunça täze wekili Orsyet Žurnalistler soýuzynyň sekretary Mihail Fedotow bolmagy mümkin.

Ýakynda onuň kandidaturasy şol wezipä dalaşgärleriň sanawyna goşulypdyr. Bu barasynda Fedotowyň özi Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şol wezipä Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Bolgariýadan, şeýle-de Bosnýa-Gersogowinadan jemi 5 kandidat hödürlenipdir.

ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekiliniň wezipesi 1997-nji ýylda döredilipdi. Häzir ony Wengriýanyň wekili Mikloş Harasti eýeleýär, onuň ygtyýarlygy geljek ýylyň baharynyň ahyrynda tamamlanýar.
XS
SM
MD
LG