Sepleriň elýeterliligi

27-nji oktýabrda Moskwada Türkmenistanly ekolog we graždan aktiwisti Andreý Zatokanyň goldawyna piket geçirildi. A.Zatoka 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşoguz şäherinde polisiýa tarapyndan tussag edilipdi. 29-nji oktýbarda onuň sud ediljegi aýdylýar.

Türkmenistanda ekolog we graždan aktiwistiniň tussag edilmegine garşy A.Zatokanyň dostlary, ekologlar we ynsan hukuklaryny goraýjylar tarapyndan Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň öňünde geçirilen protest aksiýasynda “A.Zatoka azatlyk!”, “Türkmenistanda repressiýalar bolmasyn!”, “8 günüň içindäki derňew Stalin döwrüne mahsus” diýen şygarlar öňe sürüldi.

Näme sebäpden tussag edildi?

Gatnaşyjylar Andreý Zatokanyň tussag edilmeginiň sebäpleriniň henize çenli düşnüksiz görünýänligini we nämälimligine galýanlygyny nygtadylar we hakyky sebäpleriň hatda Zatokanyň özüne-de belli däldigini aýtdylar.

“Bu ýerde jemlenenlerden haýsy-da bolsa birine bolan wakalaryň sebäpleri mälimdir öýdemok. Zatokanyň özi-de muny bilenok, bizem. Emma meniň öz şahsy pikirime görä, Andreý onlarça ýyllar bäri ýaşaýan we hyzmat edýän ýurdunda gowy işleýän bolara çemeli. Belki-de, munuň kimdir birine ýakmaýan bolmagy mümkin” diýip, “Ýabany tebigaty goramak boýunça merkezden” Nikolaý Sobolew aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri A.Zatokany bazarda nätanyş bir adamy urup-ýençmekde we onuň elini döwmek ýaly fiziki şikesleri ýetirmekde aýyplaýarlar.

Şol bir wagtda-da A.Zatokanyň täzeden medisina barlagyny we derňew eksperimentini geçirmek barada arzasy polisiýa tarapyndan ret edildi. Öz nobatynda şaýatlar polisiýanyň Zatokanyň pidasy diýip atlandyran adamsynyň sag we arkaýyn gezip ýörenligini, bazarda ençeme sapar görnenligini gürrüň berdiler.

Basyşlar we yzarlamalar

Şu günler Türkmenistanda A.Zatokanyň aklawçysyna hem basyş edilýänligi we onuň yzarlanýanlygyny habar berildi. “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýada ynsan hukuklary boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarew Zatokanyň tussag edilmegini G.Berdimuhamedowyň öz içerki syýasatyny gazaplandyranlygynyň alamaty diýip atlandyrdy we şeýle syýasatyň geçen ýyldan bäri başlananlygyny belledi.

Andreý Zatoka 2006-njy ýylyň dekabr aýynda hem tussag edilipdi. Saparmyrat Nyýazow ýogalansoň, 2007-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda sud Zatoka şertli höküm çykaryp, boşadypdy.

Moskwadaky pikete gatnaşan “Graždan goldawy Fondundan” Ýelena Rýabinina Zatokanyň işi Türkmenistanda raýat azatlyklarynyň berjaý edilmegine şertleriň ýokdugyny görkezýän mysallaryň biri diýip, hasap edýär.

“Andreý Zatokanyň tussaglygy Türkmenistanyň syýasy we, ilkinji nobatda, içerki syýasy ugrundaky özgerişlikleriň diňe ýüzleý häsiýete eýedigini görkezýär. Sebäbi köp faktlar, Zatokanyň wakasy bolsa mysallaryň diňe biri, ýurtda raýat azatlyklarynyň we hökümetden garaşsyz hereketleriň ýokdugyny we munuň üçin hiç hili şertleriň-de ýokdugyny tassyklaýar” diýip, Ýelena Rýabinina aýtdy.

Aktiwisti goldamak üçin näme edilýär?

Witaliý Ponomarew Türkmenistandaky şertlerde esasy we has netijeli ýol halkara basyşlaryndan ybarat bolmagynda galýar diýip, pikir edýär. Häzirki wagtda köp sanly halkara guramalarynyň öz ýüzlenmelerini taýýarlaýanlygyny bellemek bilen Ponomarew şeýle diýdi: “Türkmenistanda hiç hili garaşsyz sud sistemasy ýok. Kararlar sudýalaryň däl-de, Aşgabadyň çykaran syýasy kararlary bolýar. Biz halkara strukturalaryna we ynsan hukuklaryna hormat goýulmagyny isleýän ýurtlara ýüzleneris, olaryň Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gepleşiklerinde Zatokanyň ykbaly bilen bagly meseläni gozgamagyna çagyraryş ederis”.

Piketiň guramaçylary Zatokanyň sud ediljek güni 29-njy oktýbarda Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde ýene bir protest aksiýasyny geçirmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG