Sepleriň elýeterliligi

Global mobil telefon ulanyjylar artýar


Global maliýe krizisi ykdysadyýetiň köp sektoryna zyýan ýetirdi, ýöne informasiýa tehnologiýasy gitdigiçe ösmek bilen.

Jübi telefonyndan ýa internetden peýdalanýan adamlaryň sany gün saýyn artýar. Munuň çalt artýan ýeri hem Gündogar Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda organy UNCTAD öz täze raportynda jübi telefonyna abunaçylaryň sanynyň 2008-nji ýylyň aýagynda 4 milliarda baranlygyny habar berýär. 2007-nji ýyl bilen deňäniňde 2008-de artyş az-kem peselen hem bolsa, ol ýene-de 20 prosente golaý bolupdyr.

“2003-nji, 2008-nji ýyllar aralygynda jübi telefonyndan peýdalanýanlaryň sanynyň ýokary derejede artan ýerleri öňki Sowet respubliklary we Ýewropa Bileleşigine täze agza ýurtlar” diýip, bu raporty düzen Torbýörn Fredriksson aýdýar.

Fredrikssonyň pikiriçe, jübi telefony indi zerurlyk: “Bu jübi telefonynyň indi bir artykmaç zynat däl-de, zerurlykdygyny görkezýär. Oňa öwrenişen adam soňra asla ondan aýrylmaýar”.

Ýurtlara görä görkezijiler


Öten ýyl regionda birinji orunda duran Montenegro boldy. Onuň her bir 100 ýaşaýjysyna 230-dan agdyk telefon düşýär. Bu hem 5 ýylyň içinde 160 prosent artyş diýmekdir. Şu döwrüň içinde Orsýet bilen Ukrainada jübi telefonyny edinenleriň sany iki esseden ýokary. Kawkazda 83 prosent artyş bilen goňşularynyň arasynda birinji orny eýelän Ermenistan. Gürjüstanda bu ugurdan ösüş 70, Azerbeýjanda 55 prosent.

Regionda 21% artyş bilen iň yzda durýan Türkmenistan. Emma ýakynda, jübi telefony boýunça Türkmenistanyň iň uly operatory bolan MTS kompaniýasy bu ýurtdaky abonentleriniň sanynyň şu ýylyň fewral aýyndan bari 500 müň adam köpelip, jemi ulanýanlaryň sanynyň 1,5 milliondan geçendigini habar berdi.

Dünýäde ýokary orunlary eýelän 20 ýurduň biri Bosniýa. Ol ýerde internete goşulanlaryň sany 2003 bilen 2008-nji ýyllaryň aralygynda, ýagny bäş ýylyň içinde 21 prosent artdy. Moldowada we Eýranda-da şeýle.
Geçiş ýagdaýyndaky ykdysadyýetleriň arasynda iň ýokary orunda durýan Horwatiýa


Raportda internetden peýdalanýanlaryň sanynyň dünýä boýunça öten ýylyň aýagynda 1,4 milliarda baranlygy aýdylýar. Bu 2007-däkiden 15 prosent ýokary. Bularyň aglabasy hem ösüp gelýän ýurtlarda. Munda iň ýokary paý Hytaýyňky. Ol ýerde 300 milliona golaý adam internetden peýdalanýar. Ikinji orny 190 million bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary eýeleýär.

Raportda özbaşdak liniýaly internetden peýdalanýanlar bilen oňa gurby çatmaýanlaryň arasyndaky tapawut barha artýar diýip, duýduryş berilýär. Gurply ýurtlarda ilatyň üçden biri özbaşdak liniýaly internetden peýdalanyp bilýär.

“Bu barada geçiş ýagdaýyndaky ykdysadyýetleriň arasynda 11 prosent bilen iň ýokary orunda durýan Horwatiýa. Makedoniýada bu san – 8%, Orsýet hem – 5% deň. Şundan görnüşi ýaly, entek bu ugurda ösüşiň potensialy uly” diýip, Fredriksson belleýär.
XS
SM
MD
LG