Sepleriň elýeterliligi

Ýuşenko prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär


Sişenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko ýanwar aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda prezidentlige dalaş etmek üçin, özüni resmi ýagdaýda dalaşgär hökmünde hasaba aldyrdy.

2004-nji ýylda «Mämişi rewolýusiýanyň» netijesinde häkimiýet başyna gelen Wiktor Ýuşenkonyň ilat arasyndaky abraýy soňky bäş ýylyň dowamynda görnetin pese gaçdy. Soňky pikir soraýyşlyklar ilatyň diňe alty prosentine golaýynyň Ýuşenkony goldaýandygyny görkezýär.

Geljekki prezidentlik saýlawlarynda esasy bäsleşik Orsýete tarapdar Regionlar partiýasynyň lideri Wiktor Ýanukowiç bilen ýurduň häzirki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň arasynda bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG