Sepleriň elýeterliligi

ÝB Özbegistana girizen sanksiýalaryny ýatyrdy


Sişenbe güni, Ýewropa Bileleşigi Özbegistana garşy girizen ozalky sanksiýalarynyň hemmesini resmi ýagdaýda ýatyrdy. Mundan öň Ýewropa Bileleşigi bu sanksiýalardan aglabasyny ýatyrypdy we diňe ýarag söwdasy bilen baglanyşykly sanksiýalar öz güýjünde galypdy.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Lýuksemburgda geçiren şu günki maslahatlarynda Özbegistanyň hökümetini ynsan hukuklaryny we kanunçylygyň durmuşdaky roluny ýokarlandyrmaklyga tarap ruhlandyrmak maksady bilen, sanksiýalaryň soňky tapgyrynyň hem ýatyrylýandygyny yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG