Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hanamow: "Oppozisiýa duşman däl"


Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi we oppozision Respublikan partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamow.
Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi we oppozision Respublikan partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamow.

Türkmenistan garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyny belleýär. Bu döwürde ýurtda bolan özgerişliklere gowy baha berýänler bilen bir hatarda ýagdaýa tankydy nazardan garaýanlar hem bar.

Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozision toparlarydyr. Emma bu toparlaryň özi ýurtda demokratik özgerişlikleriň amala aşyrylmagy üçin ýeterelik alada etdimi?

Bu barada Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi we daşary ýurtlarda hereket edýän oppozision Respublikan partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Garaşsyzlyk eýýamynda Türkmenistanda bolup geçen wakalara siz nähili baha berýärsiňiz?

Nurmuhammet Hanamow: Birinjiden-ä, men şu pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny we watandaşlarymyzy garaşsyzlyk baýramy bilen gutlamak isleýärin. Halkyň özem garaşsyz bolar diýip arzuw edýärin.

Bu meselä şeýleräk seretmek gerek, Türkmenistan şu 18 ýylyň içinde hakykatdanam garaşsyz bolup bildimi? Meselem, garaşsyz döwlet bolmak üçin Türkmenistanyň güýçli ykdysadyýeti bolmaly. Ýurduň býujetiniň ep-esli bölegi gaz söwdasyndan gelýän girdeji arkaly üpjün edilýär.

Daşa gitmän, şu ýyly alaly, şu ýyly alanymyzda-da Orsýete akdyrylýan gazyň turbasyny partlatdylar. Şunuň bilen Türkmenistan ep-esly wagtlap öz gazyny satyp bilmedi. Satyp bilmeseň hem hiç zat düşenok. Şol sebäpden dünýäniň ykdysadyýetiniň pese gaçan häzirki ýaly döwründe Türkmenistanyň ýagdaýy hasam agyrlaşýar.

Meniň diýjek bolýanym, şu 18 ýylyň içinde näme-de bolsa, diňe bir döwlete bagly bolmaz ýaly öz baýlygyny diňe Orsýete däl-de, köp ýollary açyp, bireýýäm başga döwletlere satmaga mümkinçilik döredilmelidi. Dogry, Eýrana satylýar, ynha Hytaýa turba çekilip ýör. Ýöne diýýän-ä, bu zatlar bireýýäm edilmelidi.

Azatlyk Radiosy: Garaz, hökümet ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty sizi kanagatlandyranokda?

Nurmuhammet Hanamow: Ýok, kanagatlandyranok.

Azatlyk Radiosy: Emma garaşsyzlyk döwüründe oppozisiýanyň oýnan roly sizi kanagatnaldyrýarmy näme?

Nurmuhammet Hanamow: Oppozisiýanyň oýnan roly-da meni doly kanagatlandyranok. Näme üçin diýseňiz, birinjiden-ä, näçe gezek synanyşyp birleşjek bolduk, emma birleşip bolmady. Agzybir bolmadyk.

Hakykaty göni aýtmaly, Türkmenistanyň oppozisiýasy gowşak. Onuň gowşaklygynyň hem sebäbi her bir oppozision partiýa özbaşdak iş alyp barýar. Özbaşdak işlemekligiň hem öz peýdasy bar, ýöne o diýen güýçli hereket edip bolanok.

Birinji bolup oppozisiýa ýol açanlar bar. Ýatan ýeri yagty bolsun, Abdy Kulynyň hakykatdanam režime garşy eden hereketi taryhda galjak wakadyr. Ýöne şular ýaly güýçli adamlar bolanda-da, oppozisiýa birleşip bilmedi. Oppozisiýa birleşip bilelikde hereket etse, has güýçli bolup bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Oppozisiýa güýjini birikdirip bilmedi diýdiňiz, sorajak bolýan zadym, ýurtda ýagdaýyň şu derejä ýetmeginde biziň nähili rol oýnan bolmagymyz mümkin diýlen mesele hakda pikir etdiňizmi?

Nurmuhammet Hanamow: Türkmenistanyň şu günki ýagdaýynda oppozisiýa Türkmenistanyň içinde ýok, ony hemmämiz bilýäris. Diňe daşyndan hereket etmek bilen halkyň ýagdaýyna kän täsir edip bolmaýar.

Oppozisiýa halk bilen aktiw gatnaşykda bolmasa, daşyndan täsir edip bilmeýär. Oppozisiýa halk bilen aktiw iş alyp baranda, gowy iş edip bilerdi, meselem, halkyň öz ykbalynyň özüne degişlidigi barada ilat arasynda düşündiriş işini alyp barardy.

Oňa halkyň özi hem göz ýetirýändir, daşardan biri gelip komek eder, ony eder, muny eder, ýagdaýymyz düzelişer diýip, umyt edýänler hem bardyr. Ýöne ol ýalňyş düşünje. Esasy bu zatlar halkyň özüne bagly. Şonuň üçin meniň diýjek bolýan zadym – oppozisiýanyň halka täsiri o diýen güýçli däl.

Azatlyk Radiosy: Ýagdaýyň şeýle bolmagynda siziň günäňiz ýokmy?

Nurmuhammet Hanamow: Hawa bar. Biz şol işi başaryp bilmesek, oppozisiýa öz günäsini boýun almaly. Biz halk bilen birleşip hereket edip bilmesek, ol oppozisiýanyň günäsi.

Azatlyk Radiosy: Bu işi başaryp bilmezligiňiziň sebäbi näme?

Nurmuhammet Hanamow: Munuň sebäbi gaty kän. Biri barada aýdyp geçdim. Ýagny, birinjiden, ýurduň içinde oppozisiýa ýok. Bu ýagdaý halk bilen bilelikde hereket etmäge uly päsgelçilik döredýär. Ikinjidenem, ýurduň daşynda öz güýjümizi birleşdirip bilsek, şeýle agyr ýagdaýda-da has aktiw iş alyp baryp bilerdik. Şu zatlar bolmansoň, kynçylyk döreýär.

Azatlyk Radiosy: Siz ýurduň içinde bolup geçýän wakalardan daşary ýurtlulary hem habardar edýäris diýdiňiz, emma synçylaryň pikirine görä, türkmen oppozisiýasy halkara jemgyýetçiliginiň goldawyny hem almagy başarman gelýär?

Nurmuhammet Hanamow:
Goldaw bolup näme, oppozisiýa nähili goldaw bersinler? Bizden ýüz öwrenoklar. Biz bilen olar kontakda. Arkaňda durmak diýmek, ol bir döwletiň içki işine goşulmak diýmek bolýar. Biziň edýän hereketimiz, biziň edýän işlerimiz döwletiň, hökümetiň edýän işine garşy, dogry dälmi? Şunuň üçin bize oppozisiýa diýilýär.

Keseki döwletler hem beýleki ýurduň içindäki bolýan zatlary tankyt edip biler, ýöne haýsydyr bir döwlet arkamyzda durup kömek etse, ýa bu ugurda özi hereket etse, ol eýýäm Türkmenistanyň içki syýasatyna goşuldygy bolýar. Ol eýýäm ýalňyş bir syýasat.

Azatlyk Radiosy: Onda siz halkara jemgyýetçiliginiň size berýän goldawyndan razymy?

Nurmuhammet Hanamow: Hawa, razy.

Azatlyk Radiosy: Siz olaryň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan syýasatyndan hem razy, şeýlemi?

Nurmuhammet Hanamow: Ýok, ol başga mesele, näme üçin diýseňiz, käbir günbatar döwletleri öz ykdysady peýdasyna kowalaşyp, ynsan haklaryna göz ýumjak bolýar. Şular ýaly döwletlerem biz tankyt edýäris.

Ýaňy-ýakynda Warşawada ÝHHG-niň uly ýygnagy bolup geçdi. Şonda ynsan haklary barada ähli meselelere seredilip geçildi.

Diýeli, mundan iki ýyl öňki geçen ýygnak bilen deňeşdirsek, şol ýygnakda Türkmenistan kän agzalmandy. Näme üçin diýseňiz, şol mahal Berdimuhamedowyň prezident bolanyna ýaňy bir ýyl bolupdy. Entek oňa birden basyş etmäli, hany nähili ýol alyp barýar diýip pikir edýärdiler. Ilkinji ýyllarda käbir oňyn ädimler hem ädildi. Onsoň halkara jemgyýetçilginde hem oppozisiýanyň arasynda ýagdaý üýtgejek ýaly diýip, bir umyt peýda bolupdy.

Şol wagtdan bäri eýýäm iki ýyl geçdi. Iki ýylda halkara jemgyýetçiligi hem köp zada göz ýetirdi. Olar hakykatdanam reforma meselesinde ilkibaşda edilen hereketden başga zadyň ýokdugyna göz ýetirenden soň, şu ýylky ýygnakda Türkmenistany gaty tankyt etdiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky ýagdaýlar her haçan ÝHHG ýaly guramalar tarapyndan gozgalanda ýüze çykýar, emma oppozisiýanyň şeýle problemalara halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni ýeterelik derejede çekip bilmeýänligi aýdylýar, munuň sebäbi näme?

Nurmuhammet Hanamow: O näme üçin halkara jemgyýetçiligine ýetirip bilemzok, ýetirýäris-ä.

Azatlyk Radiosy: Onda soňky alty aýyň içinde “men şu işi bitirdim” diýip, aýdyp biljek zadyňyz barmy?

Nurmuhammet Hanamow: Hawa bar. Birinjiden-ä, Germaniýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewroparlamentiň we Birleşen Ştatlaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklarda başga zatlar barada däl, Türkmenistandaky ýagdaýlar barada gürrüň edilýär. Onsoňam ýaňky aýdyşym ýaly, boş sözler bilen däl-de, hakyky faktlar esasynda pikir alşylýar. Men-ä şuny edilýän işleriň netijesi diýip, hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmen oppozisiýasynyň geljegine siz nähili garaýarsyňyz, meselem, oppozisiýa has täsirli bolup bilmek üçin ýurduň içinde we daşynda nähili hereket etmeli?

Nurmuhammet Hanamow: Birinjiden-ä, biz halkara guramalar hem günbatar döwletleriň syýasatçylary bilen duşuşanymyzda, hemişe bir meseläni öňe sürýäris. Ýagny, Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen dialoga girmek üçin günbatar döwletleriň kömek etmegini isleýäris. Näme üçin diýseňiz, Aşgabat bilen dialog bolsa, gowy boljak, biziň Türkmenistanyň hökümetine garşy bolup, olara närazyçylyk bildirip we olary agdar-düňder etmek niýetimiz ýok.

Ýöne biz öz tekliplerimizi berýäris. Şol teklipler ýerine ýetirilende, Türkmenistanyň ykdysadyýetine, halkyň ýagdaýyna we ynsan haklarynyň goralmagyna peýdaly boljagyny we ýagdaýlaryň üýtgemegine goşant goşjakdygyny pikir edýäris. Dialogdan gaçmaly däl, resmi Türkmenistan oppozisiýa duşman hökmünde garamaly däl.

Azatlyk Radiosy: Siz oppozisiýa hökmünde halk arasynda öz täsiriňizi artdyrmak üçin näme etmeli? Käbirleri siziň ilat arasynda abraýyňyz hem ýok diýýär?

Nurmuhammet Hanamow: Kim näme diýse, diýibermeli, hemme kişiniň agzyny ýapyp bolmaz, ýa bolmasa, hemme kişä edýän işimiz hem görnenok. Eger abraýymyz ýok bolsa, onda halkara guramalar biz bilen duşuşmalam däl, abraýy ýok diýlende, anyk nämede abraýymyz ýokka?

Azatlyk Radiosy: Meselem, Nyýazow ýurtda öz şahsyýet kultuny döredip başlanda, siziň hem şol administrasiýanyň ýokary derejeli wekilidigiňiz aýdylýar, häzirem siz şol döwürde döredilen sistema garşy göreş alyp barýarsyňyz, käbirleri şu mesele hakda gürrüň edýär.

Nurmuhammet Hanamow: Ol köne aýdym. Ol oppozisiýanyň işine, agzybirligine päsgelçilik döretjek bolýan adamlaryň hereketi. Oppozisiýanyň köpüsi öň döwlet işinde işlän adamlar. Abdy aganam alyp göreli, o-da ýokary derejede işlän adamlaryň biridi, ol birinjileriň hatarynda ýagdaýa düşünip, işini taşlap giden adamlaryň biri. Ol 1992-de bolan waka, şeýle dälmi?

1994-de diňe iki ýyldan soň, kän ara tapawudam ýok, şol iki ýylyň içinde Nyýazow menden gabanyp, beýlekiler ýaly elini ogşaman, lepbeý diýmän, hakykaty ýüzüne aýdyp bilýän adamlaryň hatarynda şu-da bar diýip, menden dynmak üçin meni ilçi edip, sürgüne iberen ýaly, Türkiýä iberdi.

Dogry, meniň işimi taşlap çykan wagtym 2002-nji ýyl. Ol giç, emma giç bolsa-da, ilçi bolup işlän döwrümizem agzymyz ýaşmakly otyramzokdyk. Ýurduň içindäki edilýän hereketlere ýalňyş hereket diýip, açyk aýdýardyk.

Şonuň üçin men ýene şu meselä gaýdyp geljek bolýaryn, öz döwründe Nyýazowyň gapdalynda işlän adamlaryň ählisi ýagny hemmämiziň hem şahsyýet kultunyň döremeginde, belki, goşandymyz bardyr. Ýöne giç hem bolsa, şoňa düşünilip, şol düzgüne garşy hereket edilse, men ony eýýäm peýdaly diýip, hasap edýärin.
XS
SM
MD
LG