Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan milliarderi Soros täze ylmy-barlag merkezini döreder


Belli amerikan milliarderi Jorj Soros krizisden soňky döwürde ykdysady ösüşiň teoriýasyny işläp düzmek üçin täze ylmy-barlag merkezini döretmek kararyna gelipdir.

Soros düýn Wengriýanyň Ylymlar Akademiýasynda leksiýa bilen çykyş edip, täzeçe ykdysady pikir ýörediş institutyna sponsor bolmakçydygyny aýtdy.

Ol 10 ýylyň dowamynda öz proýektine 50 million dollar ýatyrmakçy. Şol maliýe serişdesi Sorosyň Budapeştde döreden Merkezi Ýewropa Uniwersiteti tarapyndan paýlanar.
XS
SM
MD
LG