Sepleriň elýeterliligi

Memorial” merkeziň ýolbaşçysy Orlowyň garşysyna jenaýat işi gozgaldy


Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziň ýolbaşçysy Oleg Orlowyň garşysyna Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň şikaýaty esasynda jenaýat işi gozgalypdyr.

Ramzan Kadyrow “Memorialyň” işgäri Nataliýa Estemirowanyň öldürilmeginde özüne töhmet atyp, beýannama ýaýratmakda Orlowy aýyplapdyr.

Moskwanyň Twerskoý sudy Kadyrowyň şikaýatyny 6-njy oktýabrda bölekleýin kanagatlandyryp, Çeçenistanyň prezidentiniň peýdasyna Orlowdan 70 müň rubl almak barada karar çykarypdy.

Bu karara adam hukuklaryny goraýjy merkezem, Kadyrowam nägilelik bildirdi, Kadyrow 10 million rubl tölenmegini talap edýär.

Orsyetiň “Ýabloko” partiýasy Oleg Orlowyň garşysyna jenaýat derňewini bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG