Sepleriň elýeterliligi

Karajiçiň garşysyna Gaagada sud prosesi dowam etdi


Bosnýaly serbleriň öňki lideri Radowan Karajiçiň garşysyna Gaagadaky halkara tribunalda sud prosesi düýn dowam etdi. Ýöne Karajiç önküsi ýaly işiň materiallary bilen tanşyp ýetişmändigini sebäp görkezmek bilen, suduň zalyna gelmekden ýüz öwürdi.

Karajiçe geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortasynda Bosnýa urşy wagty genosidde, harby jenaýatlarda we adamzadyň garşysyna jenaýatlarda günä bildirilýär.
XS
SM
MD
LG