Sepleriň elýeterliligi

Obama Owganystana goşmaça goşun ibermek baradaky karara geler


ABŞ -nyň prezidenti Barak Obama Owganystana goşmaça goşun ibermek baradaky karara ýakyn wagtlarda geler.

Ak tamyň berýän maglumatyna görä, bu meselede kesgitleýji pursat hepdäniň anna güni Obamanyň ştablar başlyklarynyň birleşen komiteti bilen duşuşygy bolar.

Düýn Owganystanyň günortasynda 8 amerikan esgeri heläk boldy. Şeýlelikde, şu ýylyň oktbýarynda ABŞ Owganystanda 53 harby gullukçysyny ýitirdi, ol aýlara bölünende, 8 ýyllyk urşuň dowamynda iň ýokary görkezijidir.
XS
SM
MD
LG