Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň harby işgärlerine nobatdaky derejeler berildi


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 18 ýyllygy mynasibetli Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen Goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Myrat Yslamowa general-maýor diýen harby dereje, prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Güýçgeldi Hojaberdiewe, neşe maddalaryna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň döwlet gullugynyň başlygy Aman Garaýewe polkownik diýen çin berlipdir. Türkmenistanyň Adalat ministri Myrat Garryýewe ýustisiýanyň döwlet geňeşçisi diýen dereje berlipdir.

Düýn paýtagtyň “Parahat” medeni merkezinde Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan garaşsyzlygyň 18 ýyllygy mynasibetli resmi kabul edişlik gurnalypdyr.
XS
SM
MD
LG