Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýadro ýangyjy bilen bagly teklibe penşenbe güni jogap berer


Eýranyň ýarym resmi Mehr habar agentliginiň maglumatyna görä, ýadro ýangyjy bilen bagly BMG-i tarapyndan teklip edilen ylalaşyga Tähran penşenbe güni öz jogabyny berer.

Şol raportda Eýranyň BMG-nyň halkara atom energiýasy agentligindäki wekili Ali Asgar Soltaniniň bu mesele bilen bagly Tähranyň resmi pozisiýasynyndan ybarat dokumenti ady agzalýan agentligiň ýolbaşçysyna penşenbe güni tabşyrjakdygy aýdylýar.

Şol habarda aýratynam, Eýranyň umuman aýdylanda, şol taslamany kabul etjekdigi emma bu dokumentde käbir özgerşiklikleriň girizilmegini hem Tähranyň teklip etjekdigi mälim edilýär.

Şol dokumente görä, Eýran öz az baýlaşdyrylan uranynyň uly bölegini has kämilleştirmek uçin daşary ýurtlara ibermeli bolar.
XS
SM
MD
LG