Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda bolan partlamada 90 adam heläk boldy


Päkistanyň Peşawer şäherinde şu günki bolan partlamada 90 adamyň ölüp, 100 töwereginiň ýaralananlygy aýdylýar.

Habarlardan mälim bolşuna görä, bazarda bolan partlama şu ýylyň dowamynda bu ýurtda bolan iň ganly wakalardan biridir.

Päkistana resmi sapar bilen baran Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillari Klinton bu hüjümi berk ýazgardy.

“Bigünä adamlara garşy edilen şeýle hüjümler namartlykdyr. Bu batyrlyk däl, bu namartlykdyr” diýip Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillari Klinton aýtdy.

Ol Päkistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmod Kurişi bilen duşuşanyndan soňra geçiren metbugat ýygnagynda, terrora garşy göreşde Waşingtonuň Yslamabat bilen bilelikde hereket edýändigini aýtdy.

Bu Päkistanyň harby güýçleriniň Günorta Weziristanda alyp barýan operasiýalaryndan soňra, söweşijiler tarapyndan amala aşyrylanlygy aýdylýan ençeme hüjümden diňe biridir.
XS
SM
MD
LG