Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda BMG-niň myhmanhanasyna hüjüm edildi


Owganystanyň paýtagty Kabulda ýerleşýän we BMG-niň işgärleriniň galýan myhmanhanasyna edilen hüjümde şu gün 6-si daşary ýurtly jemi 12 adam heläk boldy.

Talyplar bu hüjümiň jogapkärçiligini öz boýnuna alyp, munuň 7-nji noýabrda geçiriljek saylawlara howp abandyrmak uçin ädilen ilkinji ädimdigini mälim etdiler.

BMG-niň Owganystandaky bölüminiň metbugat wekili Aleem Sidiki şu gün irden bolan şol hüjüm barada şeýle gürrüň berdi.

“Eli ýaragly we ýüzi maskaly üç adam, şeýle-de azyndan bir sany janyndan geçen bombaçy, Kabulda ýerleşýän bir şahsy myhmanhana hüjüm etdi. Bu BMG-niň işgärleriniň galmagyna rugsat edilen myhmanhanadyr. Şol ýaragly adamlar myhmanhana girdiler we çaknaşyk başlady” diýip BMG-niň Kabuldaky wekili Sidiki aýtdy.

BMG-i şol wakada öziniň 9 işgäriniň hem ýaralananlygyny aýtdy. Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasy bolsa ölenlerden biriniň Amerikanyň raýatydygyny habar berdi.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri şol çaknaşykda hüjümçilerden üçüsiniň, howpsuzlyk güýçleriniň iki işgäri bilen bir hatarda bir parahat ýaşaýjynyň hem heläk bolanlygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG