Sepleriň elýeterliligi

Ýazyjy Kakaly Berdiýew aradan çykdy


Kakaly Berdiyev, Turkmen writer

Kakaly Berdiyev, Turkmen writer

Türkmenistanda belli ýazyjylaryň biri Kakaly Berdiýew aradan çykdy. Ol 84 ýaşady.

Belki, Kakaly aga entegem ýaşasa-ýaşardy. Ýöne iki sany inisiniň (Toýly hem-de meşhur terjimeçi Annaly Berdiýew), iki sany oglunyň («Japbaklar» filminde baýyň oglunyň roluny ýerine ýetiren bilen gazetçi, žurnalist Baýram Berdiýew) dünýäden gaýtmagy ony halys burup ýykdy. Ýogsa Kakaly Berdiýew örän mert adamdy. Onuň ejizlän wagtyny gören ýokdur.

Kakaly aga «Sowet Türkmenistany» gazetinde işe başlady. Şol mahallar ol on dört-on bäş ýaşly oglandy. Ol «Sowet edebiýaty» žurnalynda baş redaktoryň orunbasary, «Edebiýat we sungat» gazetinde» uzak ýyllaryň dowamynda baş redaktor bolup işledi.

Kakaly Berdiýewiň döredijiligi

Kakaly Berdiýew, esasan, oçerkçi ýazyjydy. Ol oçerkler bilen birlikde öz galamdaş ýoldaşlary barada ýatlamalary ýazypdy. Onuň geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başynda ýazan «Ölüsini sylamadyk—dirisini sylamaz» atly göwrümli makalasy okyjylar köpçüliginiň arasynda giň seslenme döretdi. Gazet sahypasynda köp wagtyň dowamynda çekişme gitdi.

Kakaly Berdiýew heniz pensiýa çykmanka Gökdepäniň Nowa obasyndan mellek ýer alyp, jaý saldy. Ol: «Pensiýa çyksam bolýa, şäheriň gep-gybatyndan daşrak ýaşajak!» diýmäni halaýardy. Diýşi ýalam etdi.

Pensiýa çykanyndan soňam Kakaly aga biraz “Sowet edebiýaty” žurnalynda işledi. Terjimeçi, uruş weterany Oraz Nepesow Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky uruş weteranlarynyň başlyklygyna saýlananda dosty Kakalyny ýanyna işe çagyrdy. Kakaly aga bärde uzak işläp bilmedi. Muňa-da onuň dogruçyl häsiýeti sebäp boldy.

“Men ýumuş oglany däl”

Baýramçylyklaryň birinde Oraz Nepesow Kakaly Berdiýewi ýanyna çagyryp, “Saparmyrat Nyýazowyň adyna gutlag hatyny ýazmaly! Ýetip gelýän baýram bilen gutlap!” diýip tabşyryk berdi.

Kakaly Berdiýew tabşyrygy berjaý etdi. Ýöne gutlagyň teksti Oraz Nepesowa ýaramady. Sebäbi onda hiç hili öwgi, mahabat sözleri ýokdy. Oraz Nepesow gutlaga öwgüli sözleri goşmagy haýyş etdi. Kakaly aga kes-kelläm garşy çykdy: “Men ýumuş oglany däl. Ýazyp bilşim şu. Halamasaňyz özüňiz ýazaýyň!” diýip, yzyndanam işden çykarylmagy baradaky arzasyny ýazyp gidipdi.

Kakaly aga jemgyýetiň progressiw ýol bilen gitmeginiň tarapdarydy. Gowy tarapy, Kakaly Berdiýew käbir ikiýüzli ýaşuly ýazyjylaryň wyždanlarynyň garşysyna gaýdyp, ýalan öwgi horuna goşulyşlary ýaly, olaryň gabahat ýolundan ýöremedi. Dymyp gezdi. Baýraga, orden-medala kowalaşmady. Mert ýaşady.

Metbugat habar bermedi

Kakaly Berdiýew bakyýete gitdi. Ol, sözüň doly manysynda, uly ýürekli adamdy, ussat ýazyjydy, jemgyýetçilik işgäridi. Ýöne Kakaly Berdiýewiň aradan çykanyny hiç bir türkmen metbugaty habar bermedi. Aslynda türkmen metbugatynyň edähedi şeýle. Hudaýberdi Durdyýew, Näzik Annatyýewa, Ödenyýaz Nobatow, Sapargeldi Annasähedow, Ýagmyr Welliýew ýaly belli şahsyýetler dünýäden gaýdanlarynda-da metbugat dymdy.

SSSR döwründe şular ýaly adamlar aradan çykanda gazetiň bir sahypasyny dolduryp, gynanç ýazgylaryny çap edýärdiler, merhumlary ýagşylykda ýatlaýardylar, olaryň il-günüň öňünde bitiren hyzmatlaryny belleýärdiler.

Häzir welin, Türkmenistanda ölen özüň bolma. Sahypalap nekrolog-a däl, hatda üç setir “aradan çykdy” diýlibem berlenok.

Kimiň eden zatlary?

Gazetlerde nekrologlaryň, hatda üç setirjik kiçijik gynanç habarynyň-da berilmeginiň gadagançylygy hut Onjyk Musaýewiň “yhlasy” netijesindedir. Ol gazetleriň baş redaktorlaryna jaň edip, “Biziň ýurdumyz şatlyk-şagalaňdan doluka nädip siz nekrolog berip bilýäňiz?” diýip, metbugatda nekrolog bermek diýen düşünjäni asla ýok etdirdi.

Onjyk Musaýew metbugatda nekrolog bermek meselesinde doly ýeňiş gazandy. Ýöne onuň şu “ýeňşinden” soň, tutuş türkmen gazetleri bir hepdeläp bütin sahypalaryny diňe nekrologa bagyş etmäge mejbur boldular. 2006-njy ýylda S.Nyýazow aradan çykdy. Şonda gazetçiler “Eger-de Onjyk Musaýew kiçijik nekrologlary metbugatda bermegi gadagan etdirmedik bolsa, belki biz beýle gynançly waka sataşmazdyk” diýip, ýarym degişme bilen aýdýardylar.

Elbetde, ölüm ajy habar. Ajam bolsa, halkyň öňünde hyzmat bitiren adamlaryň aramyzdan gidenini öz wagtynda habar bermeseň, dogrusy, günä işdir.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG