Sepleriň elýeterliligi

Moskwada adam söwdasy bilen bagly işe serediler


Şu gün Moskwanyň harby okrug sudy adam söwdasy bilen bagly işe sereder.

Günä bildirilýänleriň haýyşy bilen sud prosesi ýapyk ýagdaýda geçiriler. Işe oturdaşlar kollegiýasy sereder.

Sud edilýänleriň oturgyjynda 13 adam, şol sanda Orsýet armiýasynyň bir podpolkownigi bar.

Orsyetiň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, günä bildirilýänler aldaw ýollar bilen aýallary Ýewropa ýurtlaryna, Ýakyn Gündogar alyp gidip, şol ýerlerde jelepçilik bilen meşgullanmaga mejbur edipdirler.

Iş boýunça 130 zenan jebir çeken hasap edilýär.
XS
SM
MD
LG