Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýadro hereketlendirijisi bolan kosmik gämi döretmek teklip edildi


Orsyetiň kosmik agentliginiň baştutany Anatoliý Perminow Orsýetde ýadro hereketlendirijisi bolan kosmik gämi döretmek teklibi bilen çykyş etdi.

Şeýle gäminiň birinji proýektiniň 2012-nji ýyla çenli taýýar bolmagy mümkin, ondan soň kosmiki apparaty gurmak üçin ýene dokuz ýyl gerek bolar, onuň bahasy 600 million dollar-diýip, Perminow belledi.

Orsýetiň prezidenti bu plany goldady hem ony amala aşyrmak üçin serişde tapmagyň zerurdygyny aýtdy.

Ekologik guramalaryň aktiwistleri ýadro hereketlendirijisi bolan kosmiki gämileriň ýer atmosferasynyň arassalygyna howply täsir ýetirjekdigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG