Sepleriň elýeterliligi

Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirmek baradaky kanun proýekti makullandy


Amerikan Kongressiniň Wekiller palatasynda halkara işleri boýunça komitet Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirmek baradaky kanun proýektini makullapdyr.

Dokument gaýtadan işlenen nebit önümleriniň Eýrana eksportuny gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

Kanun proýektini indi Wekiller palatasy doly düzümde, ondan soň Senat tassyklamaly.

Ýadro ýaragyny döretmekde ulanmagy mümkin urany baýlaşdyrmakdan el çekmäge Eýrany mejbur etmäge şol sanksiýalar gönükdirilendir.
XS
SM
MD
LG