Sepleriň elýeterliligi

Ban ki Mun Peşawur şäherinde bolan terroristik akty ýazgardy


BMG-nyň baş sekretary Ban Ki Mun Päkistanyň Peşawur şäherinde bolan terroristik akty ýazgardy. Onda 90 adam ölüp, 200 gowrak adam ýaralandy.

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillari Klinton Päkistana gelenden köp wagt geçmänkä partlama boldy.

Owgan paýtagtynda BMG–nyň myhmanhanasyna söweşijileriň eden hüjümi netijesinde, soňky maglumatlara görä, bu guramanyň alty işgäri, ýene-de üç owgan heläk bolupdyr. Şol üçüň ikisi goragçy, biri parahat ilatdan.

Hüjüm edenleriň üç adamdygyny, atyşykda olaryň öldürilendigini polisiýa habar berdi.

Pan Gi Mun bu bolan wakany –da ýiti ýazgardy.

“Bu hüjüm Owganystanda 7-nji noýabra bellenen prezidentlik saýlawlaryny başa bardyrmazlyk ýolunda ilkinji ädim” diýip, Talyban hereketiniň wekilleri aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG