Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň permany bilen 400 adama döwlet sylagy berildi


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 18 ýyllygy mynasibetli prezidentiň permany bilen 400 gowrak adam döwlet sylaglary bilen sylaglanypdyr. Şol sanawy “Neýtarlnyý Turkmenistan” gazeti 27-nji oktýabr sanynda çap edipdir.

Orden bilen sylaglananlaryň arasynda Myrat Garryew, metbugatda we beýleki habar serişdelerinde döwlet syryny goramak boýunça komitetiň başlygy Kakabaý Ataýew, daşary işler ministri Raşit Meredow dagy bar.

Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiewa, Milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanow, baş arhiw edarasynyň başlygy Maýa Mollaýewa medal bilen sylaglanypdyr.
XS
SM
MD
LG