Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dümew möwç urýar


Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlara görä, häzir Türkmenistanda dümew möwç urýar. Tassyklanmadyk käbir maglumatlara görä, ýurtda doňuz dümewiniň ýaýran bolmagy hem gaty ähtimal.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen bagly şu gün Turkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligine jaň etdi, emma ol ýerde bu mesele bilen baglanyşykly hiç bir maglumat berip bilmejekdiklerini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy Bütindünýa saglyk guramasyna jaň edip, Türkmenistanda doňüz dümewiniň ýüze çykandygy barada maglumat alyp-almandyklaryny soradyk. Ol ýerde hem Türkmenistanda doňuz dümewiniň hasaba alnandygy dogrusynda maglumatlarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Bütidünýä Saglyk Guramasynyň maglumatlary


Bütindünýa Saglyk Guramasynyň beren maglumatlaryna görä, doňuz dümewiniň H1N1 görnüşi şu çaka çenli takmynan 5 müň adamynyň ölümine sebäb bolupdyr.

Keseliň ýaýramak depgininiň çaltlaşmagy sebäpli 14-16-njy oktýabr aralygynda Bütindünýa saglyk guramasy Waşingtonda ýörite üç günlük maslahat geçirdi. Bu maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden 100-e golaý alym gatnaşypdyr.

Soňky döwürde keseliň ýaýramak depgininiň ur-tut ýokarlanandygy aýdylýar. Mysal üçin, oktýabr aýynyň başynda bu kesele ýoluganlaryň sany her hepdede 27 müň adam köpelen bolsa, bir hepdeden soň şol san iki esse artyp 53 müňe barabar bolupdyr.

Bütindünýa Saglyk Guramasynyň geçiren maslahatyna gatnaşanlaryň hemmesi doňuz dümewiniň köplenç adaty dümew ýaly geçýändigi, bir hepdeden soň kesellänleriň köpüsiniň sagalýandygy bilen ylalaşypdyrlar. Ýöne käbir halatlarda hassalarda öýken çişmesiniň agyr görnüşi peýda bolup, soňra dem almakda kynçylyk ýüze çykyp, keseliň adamy heläk edýandigi hem bellenilipdir.

Hassada doňuz dümewiniň agyr görnüşi ýüze çykanda, ony intensiw bölümde bejermegiň zerur bolýandygyny medisina işgärleri tassykladylar. Hut şol sebäpli hem epidemiýa taýýarlyk görmek işleriniň çäginde ýeterlik reanimasion otaglary enjamlaşdyrmagyň zerurdygy bellenilipdir. Käbir halatlarda keselläne dem almaga ýardam berýän enjamlaryň zerur bolýandygy hem bu maslahatda aýdyldy.

Doňuz dümewiniň wirusy bilen pnewmoniýany, ýagny öýken çişmesini döredýän streptokokus, stafilokokus ýaly bakteriýalar adamyň ganynda tapylsa, bu keseliň agyr görnüşiniň alamaty bolup biler diýip, medisina işgärleri belleýärler. Şeýle ýagdaýda hassa oseltamiwir, zanamiwir ýaly wirusa garşy dermanlar berilse, keseliň gaýdyşýandygyny alymlar nygtadylar.

Adamlaryň üç toparyna has howply

Şeýlelikde bu maslahatyň barşynda keseliň agyr görnüşiniň adamlaryň üç toparyna has howpludygy bellenilipdir. Bu toparlaryň birine göwreli aýallar girýärler, gowreliligiň üçünji aýynda bolan aýallara döňuz dümewinden has köp howpuň abanýandygy aýdylýar.

Ikinji topara iki ýaşa ýetmedik çagalar girýärler. Çagalarda hem bu keseliň agyr geçmeginiň mümkindigini bu barada geçirilen barlag işleri tassyklapdyr. Üçünji topara öýkeninde hroniki, ýagny köne keseli bolan adamlar hem-de demgysma keselliler girýär diýlip, maglumat berilýär.

Mundan başda-da, doňuz dümewinden heläk bolan adamlaryň arasynda agramy aşa agyr adamlaryň bardygy bellenilipdir. Has-da patalogik semizlikden ejir çekýän adamlara doňuz dümewiniň örän howpludygy aýdylýar.

Häzir Ýewropa ýurtlarynda adaty dümewe ýolugan adamlaryň hem gany barlanyp, kesellide doňuz dümewiniň wirusynyň bardygy-ýokdugy barlanylýar. Sebäbi bu wirus bir adamda aram geçse, beýleki adamy heläk edip biler diýip, spesialistler aýdýarlar.

“Reýter” habar gullugynyň doňuz dümewi bilen baglanyşykly ýaýradan maglumatynda amerikan alymlaryna salgylanyp, dümewiň bu görnüşiniň beýlekilere garanda aşgazan agyrysy we içgeçme bilen bagly ynjylary has köp döredýändigi aýdylýar.

Bu keseliň immuniteti, ýagny bedeniniň goranmak ukyby peselen adamlarda agyr görnuşde geçýändigi, AIDS keseline duçar bolanlaryň ýagdaýy barada howatyrlanmalaryň döremegine getirdi. AIDS keseline ýolugyp, bu kesele garşy antiretrowirus bejeriş terapiýasyny geçýän adamlarda doňuz dümewiniň ýeňil görnüşde geçýändigi belli bolupdyr.

Emma şol bir wagtda-da bütin dünýä boýunça AIDS keseline ýolugan 33 million adamyň diňe 4 millionyna şeýle bejeriş terapiýasy elýeterli bolup durýar.

Öňüni alyş çäreleri

Şeýle-de epidemiýanyň ýaýramagynyň öňuni almakda bu kesel ýüze çykan mekdepleri wagtlaýyn ýapmagyň gowy netije berýändigi belli edilipdir. Ýagny mekdep okuwçylarynyň hem mugallymlaryň 1%-de kesel anyklanan halatynda mekdep ýapylsa, epidemiýanyň ýaýramagyny haýalladyp bolýandygy BSG 11-nji sentýabrda ýaýradam maglumatynda aýdylýar.

Bu çäre epidemiýanyň möwjän döwründe saglygy saklaýyş pudagynyň işini hem biraz ýeňilleşdirip, taýýarlyk işlerini geçirmäge mümkinçilik döredýär diýlip, maglumat berilýär. Şeýle-de häzir mekdeplerde çagalaryň häli-şindi ellerini sabyn bilen ýuwup durmagyna, mekdep otaglarynyň arassa saklanmagyna gözegçilik etmeli.

Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin Bütindünýa saglyk guramasy şu aýdylanlary berjaý etmegi maslahat berýar:

“Üsgürip-asgyranyňyzda kagyz ýa mata elýaglyk bilen agzyňyzy-burnuňyzy tutuň. Ulanylan kagyz elýaglygy zibile taşlaň. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň, şeýle-de düzüminde alkogol bolan el arassalaýjy suwuklygy dezinfeksiýa üçin ulanyp bolar.

Eliňiz bilen gözüňizi, agzyňyzy hem burnuňyzy köp ellemäň. Dümewiň wirusy hut nemli bardalar arkaly adama köp ýokuşýar. Kesselli adamlardan daşda duruň. Özüňiz keselleseniz, işe ýa okuwa barman, öýde galyň”.
XS
SM
MD
LG