Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň teklibine Eýran wagtynda jogap bermedi


Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň baş edarasy, Wena, Awstriýa.

Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň baş edarasy, Wena, Awstriýa.

Ýadro merkezi boýunça pes derejede baýlaşdyrylan urany daşary ýurtdan almalydygy hakyndaky BMG-niň teklibine Eýran wagtynda jogap bermedi. Bir tarapdan, Eýran şeýle urany alyp biljegini aýdýar, beýleki tarapdan, bu teklip bilen ylalaşmagyň mümkin däldigini öňe sürýär.

Eýranyň jedelli ýadro programmasy bilen baglanyşykly daşardan pes derejede baýlaşdyrylan uranyň getirilmeginiň Günbataryň Tähran baradaky syýasatyny köşeşdirip biljekdigi aýdylýar. Bazar güni Eýran Kum şäherindäki ýadro merkeziniň gapysyny BMG-niň inspektorlaryna açdy.

HAEA-nyň teklibi

Halkara Atom Energiýasy Agentligi öz hödürlän teklibinde Eýranyň Orsýetden ýa-da Fransiýadan pes derejede baýlaşdyrylan urany satyn alyp biljekdigini mälim etdi. Eýran BMG-niň bu teklibine 23-nji oktýabra çenli jogap berip, bu baradaky ylalaşyga gol çekmelidi, ýöne bellenen möhlet eýýam ötdi.

26-njy oktýabrdaky çykyşynda Eýranyň Daşary işler ministri M.Mottaki öz döwletiniň daşary ýurtda pes derejede öz uranyny baýlaşdyrmak ýa-da ýadro ýangyç üçin göni daşary ýurtlardan uran almak meselesine üns berilýändigini mälim etdi. Mottaka salgylanyp, IRNA Tähranyň bu ikisinden birisini saýlaýandygy hakynda birki günüň dowamynda jogap berjekdigini habar berdi.

Bar bolan şübheler

2006-njy ýylda BMG-niň girizen sanksiýasy esasynda Tähran daşary ýurtdan ýadro materiallaryny satyn alyp bilenok. Birleşen Ştatlaryň Straýer uniwersitetinden Eýran meseleleri boýunça analitik. Prof. Rasool Nafisi Tähranyň ýadro babatdaky maksatlaryna şübhe bildirilýändigini aýdýar.

«Prezident Ahmadinejadyň hökümeti we režimi esaslandyryjylarda Günbatar bilen bar bolan dartgynlylygy azaltmaga gyzyklanma barmy? Dartgynlylygyň köşeşemegini olar öz häkimiýetlerini we halkyň hereketini basyp ýatyrmagyny dowam etdirmekde bir gural hökmünde peýdalanamazmy?» diýen soraglar bilen Nafisi Eýranyň ýadro babatyndaky aladalary hakyndaky şübhesini beýan edýär.

23-nji oktýabra bellenen möhletde Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Agentligine jogap berip bilmänligi, möhlet barasynda ýolbaşçylaryň arasynda agzalalygyň döreýändigi we aralarynyň açylýandygy hakynda “myş-myş” gürrüňleriň ýaýramagyna alyp geldi.

Soňky günlerde birnäçe deputat, şol sanda parlamentiň spikeri we ýadro babatynda gepleşik alyp baran eýranly Aly Alarijany, ýadro merkezine gerek bolýan uranyň 75%-niň Orsýetden satyn alnyp, onuň Fransiýada baýlaşdyrlyp, ýurda getirilmegi baradaky teklibi tankyt etdi.

“Ýadro tehnologiýasy – hemmelere, ýadro ýaragy – hiç kime”

Tährana sapary mahaly Türkiýäniň primýer-ministri R.T.Ärdogan Eýranyň ýadro programmasynyň energiýa öndürilmäge gönükdirilendigini öňe sürdi.

Eýranyň BMG-däki ozalky ilçisi we syýasy ylymlaryň professory Mansur Farheng “Farda” radiosy bilen söhbetdeşlikde Günbatar bilen gepleşiklerde Eýranyň eli güýçli bolup biler, ýöne ýurduň içinde häzirkisi ýaly gowşak bolan wagty ýokdy diýdi: «Hökümete degişli metbugat we kontrollykda saklanylýan beýleki habar serişdeleri-de, ýolbaşçylar ýadro krizisiniň gysga möhletleýin bolsa-da, çözülmegini isläp, onuň ýurt üçin uly ýeňişdigini wagyz edip bilerler, şeýdibem özleriniň döreden problemalaryny ýeňmek isleýärler».

“Biziň şygarymyz anyk, ýagny parahatçylyk boýunça ýadro tehnologiýasy – hemmeler üçin, ýadro ýaragy – hiç kim üçin» diýip, Eýranyň daşary işler ministri Mottaki aýtdy.
XS
SM
MD
LG