Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Tährandan köprak aýdyňlyga garaşýar


Tährandaky barlag-reaktor stansiýasy.

Tährandaky barlag-reaktor stansiýasy.

Halkara Atom Energiýasy Agentligi öten hepde Eýrana öz doly baýlaşdyrylmadyk uranynyň 75 prosentini Orsýete ibermegi teklip edipdi.

Orsýet gerekli işler edilensoň, ony ýadro ýangyjyna öwürmek üçin Fransiýa ýollamaly, ol ýerden hem taýyn önüm Eýrana gitmelidi. Eýranyň baýlaşdyrylan urany atom ýaraglaryny öndürmek üçin ulanmagyndan heder edýän Birleşen Ştatlar Orsýet we Fransiýa bilen bu meselede ylalaşdylar.

Halkara Atom Energiýasy Agentligi bu barada Tährandan bir jogabyň gelip gowşandygyny düýn, 29-njy oktýabrda, tassyklady. Ýöne jogabyň nämedigi hakda welin, ne Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň wekilleri beýanat berdiler, ne-de Eýranyň.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton şu gün Waşingtonyň entek Eýranyň jogabyny gözden geçirýändigini, özleriniň Tähranyň meýilli ugruny bilmäge synanyşýandyklaryny aýtdy.

Döwlet departmentiniň sözçüsi Ian Kellyniň 29-njy oktýabrda aýtmagyna görä, Eýran öz tutumyny açygrak düşündirmeli: “Bize köpräk aýdyňlyk gerek. Meniň pikirimçe, bu barada Eýranyň resmi jogaby gerek diýilse-de, adalatsyzlyk edildigi bolmaz. Bu barada bize käbir maglumatlar berildi. Ýöne biz şindi-de eýranlylar bilen gepleşik geçirip ýörüs”.

Hyzmatdaşlyga çagyryldy

Ýewropa Bileleşigi şu gün öz beýannamasynda Eýrany ýadro programmasy bilen bagly soraglary çözmekde halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň häzir Brýusselde barýan ýokary derejeli duşuşygy tarapyndan ile ýetirilmegine garaşylýan bu beýannamada ylalaşyk baradaky öňegidişlik: “Ýewropa Bileleşigi bilen Eýranyň arasyndaky düýpli gatnaşyklara, ýagny iki tarapa-da peýdaly hyzmatdaşlyga ýol açar” diýilýär.

Eýranyň hökümetparaz “Jawan” gazeti düýn Tähranyň ylalaşyga möhüm özgerişleriň girizilmegini teklip edendigini ýazdy.

Amerikanyň “New York Times” gazeti hem şu gün adyny tutman, Ýewropa Bileleşiginiň bir resmisiniň: “Esasy mesele Eýranyň özüniň çala baýlaşdyrylan uranyny ýurtdan daşary ibermek bilen ylalaşmaýandygy” aýdandygyny habar berdi. Tähranyň jogabyna onuň bu işi ret etmegi diýip düşünilýär.
XS
SM
MD
LG