Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB agza ýurtlarynyň liderleri Brýusselde


Şu gün Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleri klimatyň özgermegi bilen baglanyşykly garyp ýurtlara ýardam bermek meselesini ara alyp maslahatlaşak üçin Brýusselde maslahata ýygnandylar.

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň ara alyp maslahatlaşjak taslamasynda Bileleşigiň ykdysady taýdan has gurply agzalarynyň bu maksat üçin has köp çykdajy etmekleri göz öňünde tutulýar.

Ýewropa Bileleşigi şu ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň klimatyň özgermegi bilen bagly mesele boýunça geçirjek halkara konferensiýasyndan öň bu mesele barada gutarnykly ylalaşyga gol çekmekligi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG