Sepleriň elýeterliligi

Bakyýewiň ogly döwlet agentliginiň başlygy edip bellendi


Şu gün Gyrgyzstanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew öz ogly Maksim Bakyýewi täze döredilen Ösüş, Inwestisiýa we Innowasiýa baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine belledi.

32 ýaşly Maksim Bakyýew indi mundan beýläk Gyrgyzstanyň ykdysady syýasatyna, şeýle hem inwestisiýa proýektlerine gözegçilik eder we hut öz kakasyna bu işler barada hasabat berer.

Bu wakanyň öňýany Gyrgyzstanyň hökümet strukturalarynda birnäçe möhüm özgerişlikler amala aşyryldy we ençeme ýokary derejeli kadrlar wezipesinden boşadyldy. Gyrgyzstanyň oppozisiýasy bu soňky özgerişlikleriň prezident Bakyýewiň öz eline has köp ygtyýarlyklary jemlemek maksady bilen amala aşyrylandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG