Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň daşary işler ministri Yraga bardy


Şu gün Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Yraga sapara bardy. Bu saparynyň barşynda Türkiýäni daşary işler ministri Yragyň günortasyndaky Basra şäherine baryp, ol erde turk konsullygynyň açylyş dabarsyna gatnaşdy.

Türkiýäniň söwda ministri Zafer Çaglaýan bilen bilelikde daşary işler ministri Ahmet Dawutogly yrakly kürtleriň awtonom regionynyň merkezi bolan Irbil şäherine-de şu gün sapar etmekligi planlaşdyrýar.

Ol ýerde Türkiýäniň ministrleri Kürdüstan awtonom regionynyň prezidenti Massud Barzani bilen duşuşarlar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG