Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistana doňuz dümewi ýaýradymy?


Paýtagt Aşgabatda ýerleşýän S.Nyýazow adyndaky keselhanada soňky üç günüň dowamynda 27 adam aradan çykdy.

Ýurduň resmi wekilleriniň doňuz dümewi baradaky habary ýapyk saklaýandygyna garamazdan, bu keseliň Türkmenistanyň çägine-de eýýäm giňden ýaýrap başlandygy barada ilat arasynda gürrüň ýüze çykyp ugrady.

S.Nyýazow adyndaky keselhananyň lukmanynyň habar bermegine görä, soňky 3 günüň dowamynda bu hassahanada doňuz dümewinden 27 adam aradan çykypdyr. Olar hassahana ýokary temperaturaly ýagdaýda ýerleşdirilipdir. Lukmanyň aýtmagyna görä, olar hassahana gaty giç ýüz tutupdyrlar.

Öýlere paýlanýan plakatdan nusga.
Häkimiýet doňuz dümewiniň ýurda ýaýrandygyny resmi ýagdaýda boýun almasa-da, onuň hereketleri ilatyň arasyna dowul salyp ugrady.

Soňky üç günüň dowamynda poliklinikanyň lukmanlary öýlere aýlanyp, guş dümewine garşy göreşmek boýunça plakatlary paýlap, ýurtda hiç hili doňuz dümewiniň ýoklugyny ilat arasynda wagyz işlerini geçirip başladylar.

Doňuz dümewi nire, guş dümewi nire diýilmegi mümkin. Ýöne adamlaryň ynanjyna görä, türkmen häkimiýetleri hakykaty ýaşyranda elmydama şeýle hereketlere baş urýar.

Ilatyň arasynda has dowla düşenler eýýäm öňünden dermanhanalardan arbedol tabletkalaryny satyn alyp başladylar. Häzirki ýagdaýda arbedol tabletkalaryny paýtagtyň dermanhanalaryndan tapmak asla mümkin däl.
XS
SM
MD
LG