Sepleriň elýeterliligi

Ýerli lukmanyň Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi 36 adamyň guş dümewinden ýogalandygyny tassyklapdyr.

Aşgabadyň ähli ýerlerinde türkmen we rus dillerinde guş dümewiniň garşysyna nähili çäreleriň görülmelidigi barada plakatlar asylýar.

Duşenbe güninden başlap, mekdeplere çagalaryň maskaly gelmelidigi barada aýdylandygy habar berilýär. Aşgabadyň 60-njy mekdebinde bolsa, Gepatit A keseli bilen kesellänler köp.

Ilatyň arasynda has dowla düşenler eýýäm öňünden dermanhanalardan arbedol tabletkalaryny we marli satyn alyp başladylar. Häzirki ýagdaýda arbedol tabletkalaryny paýtagtyň dermanhanalaryndan tapmak asla mümkin däl.

Paýtagtyň dermanhanalarynda dümewiň garşysyna ulanylýan dermanlar gutardy we dermanhanalarda maskalar ýetmezçilik edýär diýlip habar berilýär.

Soňky üç günüň dowamynda poliklinikanyň lukmanlary öýlere aýlanyp, guş dümewine garşy göreşmek boýunça plakatlary paýlap, ýurtda hiç hili doňuz dümewiniň ýoklugyny ilat arasynda wagyz işlerini geçirip başladylar.

Belki doňuz dümewidir?

Paýtagt Aşgabatda ýerleşýän S.Nyýazow adyndaky keselhanada bolsa, üç günüň dowamynda doňuz dümewinden 27 adam aradan çykdy diýlip maglumat berilýär. Olar hassahana ýokary temperaturaly ýagdaýda ýerleşdirilipdir. Lukmanyň aýtmagyna görä, olar hassahana gaty giç ýüz tutupdyrlar.

2 hepde mundan ozal Demir ýol keselhanasynda 1 hepdäniň içinde 7 adam aradan çykypdyr. Emma olaryň diagnozyny anyklap bilmändirler. Muňa garamazdan pnewmoniýa diýip bellik edilipdir, şeýle-de lukmanlara bu wakany hiç kime aýtmaly däl diýlip tabşyrylypdyr.

Ýurduň resmi wekilleriniň doňuz dümewi baradaky habary ýapyk saklaýandygyna garamazdan, bu keseliň Türkmenistanyň çägine-de hem eýýäm giňden ýaýrap başlandygy barada ilat arasynda gürrüň ýüze çykyp ugrady.

Häkimiýetler doňuz dümewiniň ýurda ýaýrandygyny resmi ýagdaýda boýun almasa-da, onuň hereketleri ilatyň arasyna dowul salyp ugrady.

Doňuz dümewi nire, guş dümewi nire diýilmegi mümkin. Ýöne adamlaryň ynanjyna görä, türkmen häkimiýetleri hakykaty ýaşyranda elmydama şeýle hereketlere baş urýar.

Bu habarlar barada Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden maglumat almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG