Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rumyn myhmanhanasy doňuz dümewi sebäpli ýapyldy


Rumyn häkimiýetleri Sinaýa diýen kurortda konferensiýa gelen 40 daşary ýurt studentiniň doňuz dümewi bilen keselländigini we şu sebäpden ol ýerdäki myhmanhananyň ýapylandygyny aýdýar.

Döwletiň saglyk sekretary Adrian Streýnu-Sersel 40 adamyň Buharestde hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Ol bu keseliň ýurda portugaliýaly bir aýaldan ýaýrandygyny, ol aýalyň doňuz dümewi bilen keselländigi tassyk bolandan soň hem hassahana girmekden boýun gaçyrandygyny aýtdy.

Ýapylan myhmanhananyň ýolbaşçysy konferensiýa ýygnanan studentleriň Ýewropanyň 31 ýurdundan gelendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG