Sepleriň elýeterliligi

Gwantanomo tussaglary doňuz dümewi waksinasyny alýar


Terrorçylykda güman edilip Gwantanomo türmesine salnan tussaglar basym doňuz dümewi waksinasyny alarlar.

Birleşen Ştatlaryň günorta Kubadaky türme edaralarynyň sözçüsi Jeýms Krabtri türme sakçylaryna hem tussaglara edilmeli sanjymlaryň şu aýda gelip ýetjegini aýdýar.

Ol Birleşen Ştatlaryň ilaty doňuz dümewi waksiýanasy bilen doly üpjün edilmänkä terrorda gümanlanýanlara waksina nämä gerek diýjekleriň hem tapyljagyny, ýöne Birleşen Ştatlaryň harby resmileriniň tussaglaryň saglygy üçin jogapkärdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG