Sepleriň elýeterliligi

Ukraina doňuz dümewine garşy göreşmek üçin kömege çagyrýar


Ukraina bir hepde içinde dem alyş problemalary sebäpli 60 adam ýogalandan soň doňuz dümewine garşy göreşmek üçin dünýä güýçlerinden gyssagly kömek sorady.

Prezident Wiktor Ýuşçenkonyň edarasyndan ýaýradylan beýanata görä, ol Birleşen Ştatlara, Ýewropa Bileleşigine, NATO we Ukrainanyň goňşularyna derman hem H1N1 wirusyna garşy göreş üçin enjam sorap ýüz tutdy.

Şeýle-de prezidentiň edarasy Ukrainanyň Şweýsariýadan wirusa garşy dermanyň 16 tonnasyny alýandygyny habar berdi.

Polşa we Slowakiýa Ýuşçenkonyň haýyşa esasynda gorag maskalaryny hem beýleki dermanlary iberdiler.
XS
SM
MD
LG