Sepleriň elýeterliligi

Miliband Orsýete sapar edýär


Britaniýanyň daşary işler ministri Deýwid Miliband iki günlük sapar bilen Orsýete geldi. Ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrmagy maksat edinýär.

Miliband ýekşenbe güni daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Olaryň maslahaty duşenbe güni hem dowam eder.

Miliband Orsýetiň biznes ýolbaşçylary we syýasatçylary bilen hem duşuşmakçy. Ol bäş ýyl içinde Moskwa sapar eden ilkinji britan daşary işler ministridir.

Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar 2006-njy ýylda, öňki rus howpsuzlyk ofiseri we britan raýaty Aleksandr Litwinenko Londonda zäherlenip öldürileli bäri dartgynlaşypdy. Orsýet şonda bu işde güman edilýän Andreý Lugowoýi Britaniýa bermekden ýüz öwrüpdi.
XS
SM
MD
LG