Sepleriň elýeterliligi

Ozalky prezident Klinton Kosowada öz heýkelini açýar


Müňlerçe etniki alban şu gün Kosowanyň paýtagty Priştinada öňki prezident Bil Klintona «hoş geldiň» diýmäge ýygnady.

Klinton şäheriň öz adyny göterýän esasy meýdançasynda özüne dikilen 3.5 metrilik heýkeliň açylyşyna gatnaşdy.

Klintonyň heýkeli çep elini galdyryp, öz ady bilen 1999-njy ýylyň 24-nji martyny görkezýän sene ýazgysy ýazylan portfeli göterip duran şekilde ýasalypdyr.

Şol gün NATO Ýugoslawiýany bombalamaga başlapdy. Kosowaly etniki albanlaryň köplügi Klintony NATO-nyň Ýugoslawiýa garşy kampaniýa başlanlygy üçin gahryman edip saýlady. Şol kampaniýa esasynda garaşsyzlyk isleýän albanlaryň serbler tarapyndan basylyp ýatyrylmagy togtadylypdy.

Bu Klintonyň Kosowa Serbiýadan garaşsyzylygyny yglan edeli bäri ilkinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG