Sepleriň elýeterliligi

Putin Ýewropa Bileleşigine gazyň kesilmek ähtimallygyny duýdurýar


Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin Ýewropa Bileleşigine töleg dawasy sebäpli Ukrainanyň üstünden barýan gazyň kesilmek ähtimallygyny duýdurdy.

Putin Ýewropa Bileleşiginiň gezekli perzidentligini ýerine ýetirýän Şwesiýanyň premýer ministri Fredrik Reýnfeldte telefon edip, ony rus gazynyň tölegleri babatda ýüze çykmagy ahmal kynçylyklardan habardar etdi. 2009-njy ýylyň ýanwarynda Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky töleg dawasy sebäpli Gündogar we Günbatar Ýewropada gaz gahatçylygy döräpdi.
XS
SM
MD
LG