Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan gyşdan öň Talybanyň soňuna çykmagy umyt edýär


Pakistanyň daşary işler ministri ýaragly güýçler Owganystan bilen serhetdäki daglyk regionda erleşen Talyban jeňçilerinden gyşdan öň dynmaga umyt baglaýar diýdi.

Makdum Şah Mahmut Kureşi Malaýziýada žurnalistlere Günorta Waziristandaky operasiýanyň örän üstünlikli bolandygyny, garşylygyň garaşylyşy ýaly güýçli bolmandygyny aýtdy.

Şularylykda hökümetiň ýörite goldaw toparynyň baştutany, general leýtenant Nadim Ahmet 250 müňe golaý adamyň bu sebitden göçendigini aýtdy.

Pakistan oktýabr aýynda Günorta Waziristana, soňky ýyllar Talybanyň güýç toplan ýerine hüjüme başlady.
XS
SM
MD
LG