Sepleriň elýeterliligi

Eger kolonial garaşlylyk milli gulçulygy hem garaňkylygy aňlatsa, onda milli garaşsyzlyk –graždan erkinliginiň, ýagtylygyň ýeňşi bolmaly. Totalitar sowet imperiýasy ýykylyp, 1991 ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyny alansoň, halk hut şeýle milli erkinlige garaşypdy.

Eýse, bu arzuw hasyl boldumy? Näme sebäpden adam hukuklary, söz we metbugat azatlygy indi gaýta öňküsiçe-de ýok? Muňa nähili düşünmeli?

Näme üçin garaşsyz Türkmenistanda adamyň gadyr-gymmaty gaçdy? Näme üçin halk ertirki güne ynamyny ýitirdi? Näme üçin goňşy goňşudan, dogan dogandan, adam adamdan bizar? Näme sebäpden graždan aktiwligi ösmeli adamlar gaýta biperwaý, hukuksyz mähellä öwrüldiler? Näme sebäpden ýüz müňlerçe adam ýurdy terk etdi?

Meger, bu garaşsyzlygyň Türkmenistanda iş ýüzünde gulçulygyň täze görnüşine öwrülendigi üçin bolsa gerek. SSSR döwründe diňe ykdysady hem syýasy taýdan kesekä garaşly bolan halk soňra has beter – ruhy gulçulyga düşdi. Sebäbi SSSR ýykylansoň, ozalky dikme Saparmyrat Nyýazowyň bet üýşmeleňi halkyň elinden onuň geljegini aldy.

Nýyazowçylyk “bagty”

Prezident Nyýazow Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, Aşgabat, 1992 ý.
S.Nyýazow ýurdy hakyky azatlyga çykaryp biljek şahsyýet däldi. Sebäbi onuň özi sowet döwründe goýberen gödek syýasy ýalňyşlarynyň, has dogrusy, milli dönükliginiň sadyk guludy. Elbetde, SSSR ýykylansoň, oňa öňki günälerini açyk boýun alyp, halkyň öňünde ýülünmäge, soňra-da ýurdy kanun esasynda dolandyrmaga gatnaşmaga mümkinçilik bardy, ýöne şahsy ýöwselligi hem beýleki ýaramaz gylyklary oňa dogry ýoldan ýöremäge päsgel berdi. Netijede ol tä ömrüniň soňuna çenli-de öz guran torundan sypyp bilmedi. Beýle adam nädip we näme üçin halka erkinlik bersin? Ýurdy demokratik kanunlara däl-de, eden-etdilige hem lepbeýçi ýaranjaňlaryň sülsadyna daýanyp dolandyrmagy – Nyýazowyň şahsyýetinden gelip çykan ýaramazlyk dälmi nä?

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmenleriň kolonial döwürdäki çäklije hukuklaryny-da ýitirmegi we bu günki gün hatda şol ujypsyzja erkinligiň agysyny aglamaga mejbur bolmagy nyýazowçylygyň türkmene beren ”bagty” dälmi nä? Türkmenistanda 1991-2006-njy ýyllar aralygynda bolup geçen wakalar asla sagdyn logika gabat gelenok, has dogrusy, oňa ters gelýär. Sebäbi bu döwürde ýurtda alnyp barlan syýasat diňe bir maksada – her edip-hesip edip, possuk barmaklary gymmatbaha ýüzükli masgarabazyň elinde bikanun häkimiýetiň saklanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendi.

Syýasat öňküligine galdy

Netijede geçen ýyllarda Türkmenistanyň paýtagtynyň daşky keşbi özgerse-de, hökümetiň syýasaty öňküligine galdy: türkmenler edil kolonial döwürdäki ýaly, hökümet näme etse, şoňa sessiz-üýnsüz kaýyl bolmaly. Türkmen halky hökümeti dolandyrmaga gatnaşdyrylanok. Baş kanun we ondaky demokratik maddalar diňe kagyz ýüzünde galýar. Adamlar öz agyzlarny diňe hökümdara minnetdarlyk bildirmek üçin açyp bilýärler, ýogsa olara dil ýarmak gadagan.

Sowet döwründe şeýle degişme bardy. Moskwanyň Merkezi telewideniýesinden baran habarçy buzluk ýurtdaky sugunbakar halkyň wekilinden: ”Sowet häkimiýeti size näme berdi?” diýip soraýar. Ata-baba gar ýassanyp-buz düşenip ýaşap ýören halkyň wekili oňa şeýle jogap berýär: ”Sowet häkimiýeti biziň duýgularymyzy baýlaşdyrdy.” – “Nädip?” diýip, habarçy içginsiredýär. Onda sugunbakar: ”Öň bizde diňe iki sany duýgy bardy – bir-ä sowugy duýýardyk, birem – açlygy. Indi bizde üçünji bir duýgy peýda boldy – ol çuňňur minnetdarlyk duýgusy!” diýip, jogap berýär.

Türkmenleriň ykbaly

Türkmenleriňkem edil şol sugunbakarlaryňky ýaly boldy: garaşsyzlyk olaryň ne diline erk berdi, ne özüne, ne zehinine ýol açdy, ne-de gujuryna, ne şu gününe buýsanç, ne-de ertirine ynam döretdi, ne baý etdi, ne-de – beg. Gaýta olar öz ýurdunda kesekilere garaşly, mätäç bolup galdylar. Türkmen halky ýurt eýesi däl-de, hyzmatkär, sübsegär, gul, oňa öz döwletinde asla tomaşaçydan jogapkärli rol ynanylanok. Şol sebäpden hatda ýurtdan wagtlaýyn çykanlaryň-da, aýratynam ýaşlaryň soňra öz watanyna dolanyp baraslary gelenok.

Onda garaşsyzlyk türkmenlere näme berdi? Onuň ýeke-täk beren zady – edil sugunbakarlaryňky ýaly çuňňur minnetdarlyk duýgusy! Ozal diňe yssyny hem sowugy duýýan türkmenler indi her ädimde, her demde kimdir birine alkyş okap ýaşamaly. Ýöne, gussaly ýeri, olaryň hatda ”Biz kime we näme üçin ebedi minnetdar bolmaly?” diýip, sorag bermäge-de hukuklary ýok.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG