Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň “Kissinjeriniň” terjimehaly


Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly.

Golaýda daşary syýasat barada telewideniýeden görkezilen çekişmede Türkiýäniň öňki Daşary işler ministrleriniň altysy ýurduň häzirki daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň bitiren işlerine baha berenlerinde, ol jemi 10 utukdan 8-ni gazandy.

Telewideniýeden görkezilen çekişmedäki alty ministriň arasynda ”Adalat” we ”Galkynma partiýasyndan”, şeýle-de hökümete aşa tankydy garaýan ”Sosial-demokratlardan-da” wekiller bardy.

Ozal premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdoganyň ýörite geňeşçisi bolan, soň hem Daşary işler ministrligine getirilen Dawutogly bu wezipä gelmezden öň-de Türkiýäniň daşary syýasatynda gepi ýöreýän şahsyýet bolup durýarardy. Oňa “Türkiýäniň Kissinjeri” diýilýän mahallary hem az däldi.

“Nol problema”

Türkler öz şahsyýetleriniň, şäherleriniň we bitiren işleriniň dünýä meşhur nusgalara deňelmegini gowy görýärler. 51 ýaşly syýasy ylymlaryň professory Ahmet Dawutogly ”Adalat” we ”Galkynma partiýasynyň” 2002-nji ýyldan bäri alyp barýan täze, işjeň daşary syýasatynyň arhitektory hasaplanylýar. Bu daşary syýasatyň manysy – goňşular bilen “nol problema”, Günbatar bilen hem däp bolup gelýän oňat gatnaşyklary dowam etdirmek.

Ýaňy 10-njy oktýabrda bir asyra golaý dowam eden duşmançylykdan soň diplomatik gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek, serhedi açmak barada Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda ylalaşyklara gol çekilmegine Günbatar-da, Orsýet-de, halkara arkalaşygynyň agzalarynyň aglaba köplügi-de begendiler. Dogry, bu ylalaşyklar entek iki ýurduň parlamenti tarapyndan oňlanylmaly. Ýöne muňa Dawutoglunyň hut öz plany hem işi hökmünde garalýar.

Türkiýäniň Orsýet we Eýran bilen gatnaşyklarynyň barha gowulanmagy Günbatarda käbir adamlaryň böwrüni diňletdi. Şol bir wagtyň özünde-de premýer-ministr Ärdoganyň Ysraýylyň öten gyş Gazada alyp baran operasiýalaryny gaharly tankytlamagy, iki hepde mundan ozal hem NATO-nyň Türkiýede geçen türgenleşigine gatnaşmaga Ysraýyla ýol bermänligi Waşingtonyň we Ýewropanyň konserwatiw töwereklerinde Ankara Ysraýyl bilen oňat gatnaşyklaryny täzeden gözden geçirmekçimikän diýen soragy döretdi.

Dawutogludyr Ärdogan Türkiýede däp-dessura bagly, konserwatiw, yslamçy pikirli töwerekde önüp-ösen adamlar. Ýöne A.Dawutogly goňşy döwletler bilen gatanşyklary gowulaşdyrmak, regionda ýolbaşçy roly oýnamak, käbirleriniň çak edişi ýaly, at-abraýa kowalşmak ýa gadymy Osmanly imperiýasyny küýsemek däl-de, real syýasy täsire, ykdysady hem energiýa bähbitlerine daýanyp, hereket edýäne meňzeýär. Ärdogan bilen Dawutogly arap maýa goýumçylaryndan Türkiýä milliardlarça dollar getirdi. Indi hem olaryň plany ýurdy Gündogar bilen Ýewropa arasynda nebit-gaz geçelgesine öwürmek.

Şübheli garaýanlar hem bar

Ankaranyň alyp barýan deňagramly hereketlerine musulman we musulman däl goňşularyň käbiri ýokary baha berse, käbiri şübheli garaýar. Günbatarda hem köp adamlar Türkiýäniň Eýran we Siriýa ýaly “ýaramaz döwletler” bilen “iki taraplaýyn bähbitli gatnaşyklary” ösdürmek ugrundaky tagallalary iň soňunda onuň Günbatar gymmatlyklaryna hem borçlaryna dönüklik etmegine getirer diýip, güman edýärler. Beýlekiler bolsa, şol sanda türk oppozisiýasy-da, ”Adalat” partiýasynyň we ”Galkynma partiýasynyň” düýpli gizlin maksatlary-da şol diýýärler.

Ýöne Dawutogly Türkiýäniň daşary syýasatynda şübheli özgerişiň bardygyny inkär edýär. Onuň aýtmagyna görä, regionda ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygy esasynda asudalygyň pugtalanmagy Günbatar üçinem, bütin dünýä üçinem bähbitli. Türkiýäniň regionda oýnap biljek adatdan daşary we özboluşly roly-da hut şundan ybarat.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG