Sepleriň elýeterliligi

Doňuz dümewiniň ýaýraýandygy baradaky habarlar tutuş postsowet giňişliginiň ähli ýerinden diýen ýaly eşidilýär.

Habarlaryň köpüsi şol giňişlikde has açyk ýurt – Ukrainadan gelip gowuşýar, sebäbi bu ýurtda maglumatyň ýaýradylmagyna döwlet tarapyndan kontrollyk edilmeýär, çäklendirilmeýär.

Şonuň üçin keseliň ýaýraýyş möçberi barasynda ilat köpçüligi obýektiw maglumat alyp, ony doly göz öňüne getirip bilýär. Getirilýän sanlar alada döredýär. Bu dertden ölenleriň sany 60 adama ýetipdir.

Doňuz dümewiniň epidemiýasy eýýäm öz içine 150 müň gowrak adamy alypdyr. Köpçülikleýin habar serişdeleri bu dümewiň gije-gündiz gürrüňini edýärler. Ýöne ukrain ilatynyň arasynda dowul ýok.

Türkmenistanda resmi gürrüň ýok

Türkmenistanda ýagdaý munuň tersine. Bu ýurtda doňuz dümewiniň gürrüňi edilýärmi?

Bu hakda habaryň ýoklugyndan çen tutulsa, regionda hiç bir howp-hatar ýok ýaly. Şol bir wagtda dümewden ölen adamlaryň bardygy dogrusyndaky habarlar dürli ýollar bilen daşary ýurtlara ýetýär. Ýöne şol maglumatlary barlamak mümkin däl, çünki Türkmenistanda doňuz dümewiniň bardygy dogruda resmi maglumat ýok.

Ukrainada wakalaryň ösüşine halkara gözegçiligi doly ýola goýuldy, emma başga bir sorag: doňuz dümewiniň ýaýraýşy boýunça barlag ýa gözegçilik üçin halkara spesialistleri Türkmenistana goýberildimi?

Köp adamlar nädip ondan goranmalydygyny, nähili dermanlary ulanmalydygyny bilmän kösenýärler. Hatda köp maglumatlaryň senzura eleginden geçirilýän ýurdy – Belarsuda-da doňuz dümewi temasy ilat köpçüliginden ýaşyrylmaýar.

Nyýazowdan galan köne praktika

Ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar barasynda ilat näçe az bilse, şonça gowy diýlen we S.Nyýazow tarapyndan ornaşdyrylan köne praktikadan Türkmenistan el çekmäge, ondan arasyny açmaga synanyşýarmy? Türkmenbaşynyň yzynda goýup giden wiruslary indi doňuz dümewiniň wiruslarynyň ýurt boýunça erkin syýahat etmegine ýardamçy bolmazmy?

Ukrainada epidemiýanyň öňüni almak, onuň ojaklaryny ýok etmek üçin daşary ýurtlardan kömek gelip ugrady, doňuz dümewiniň barlygy ýa ýoklugy dogrusynda informasiýasy bolmadyk türkmenistanlylar nähili daşary ýurt kömegine bil baglap bilerler?

Bu barasynda daşary ýurt spesialistleriniňem bilýän zatlary ýok diýerlik. Häkimiýetleriň özlerinden köp zady gizleýändigi türkmenistanlylar üçin täzelik däl. Onsoň adamlar köne ýol bilen bazarlardaky duşuşyklarda, gürrüňdeşliklerde maglumat alyşýarlar. Şol ýol bilen olar, döwlet habar serişdeleri bilen deňeşdirilende, özleri üçin köp maglumatlar edinýärler.

Keseliň ýaýramagy döwlet syrymy?

Hökümetiň ýapyk hasap edýän maglumatlary bilen bagly-da ýagdaý şeýlemikä? Meselem, neşe maddalarynyň ýaýraýşy ýa-da ýürek-damar dertleri bilen keselleýänler baradaky statistika ýok.

Haýsy maglumatlaryň Türkmenistanda ilat köpçüligi üçin açykdygyny, haýsylarynyň ýapykdygyny seljermek üçin entek köp wagt gerek bolsa gerek. Şol ýapyklyk, gümürtiklik “Döwlet halk üçindir” diýen şygara nä derejede gabat gelýär? Dili duzlularyň “Türkmen döwleti bir adam üçindir” diýýän şygary hakykata has ýakyn dälmidir?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG