Sepleriň elýeterliligi

Soňky döwürde S. Nyýazow tarapyndan gadagan edilen medeniýetiň hem sungartyň möhüm ugurlary täzeden dikeldilýär. Muňa aýdyň mysal opera sungaty bolup biler.

Geçen ýyl Turkmen opera sungatynyň taji saýylýan “Şasenem we Garyp” operasy sahna çykarylypdy. Bu ýyl bolsa kompozitorlar Ýuliý Meýtus bilen Daňatar Öwezow tarapyndan döredilen “Leýli-Mejnun” operasy gaýtadan sahnada janlandy. Bu galkynyş eýýamynda sungatyň dikeldilmegi ugrunda edilen iň möhüm ädimdir – diýip, diňleýjimiz Gowşut Öwezli hatyna başlaýar.

Şu ýylyň 24-nji iýunynda bu ajaýyp sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Oňa tomaşa etmäge ýurduň prezidenti hem beýleki resmiler bardylar diýip, habar beriş serişdeleri maglumat ýaýratdylar. Şol maglumatda aýdylyşyna görä, “Leýli-Mejnunyň” ilkinji görkezilişi örän şowly geçipdir.

Bu eser 1944-nji ýylda döredilip, 46-njy ýylda hem ilkinji gezek sahna çykarylypdy. Ol wagtlar teatryň baş rezissýory Alty Garlyýewdi. Tetatryň baş dirižýory bolsa Daňatar Öwezowdy. Şondan soňra tä Nyýazowyň gadagançylygyna çenli ol eser sahnadan düşmän geldi.

Ine, indi sekiz ýyldan soň ýene sahnada janlandy. Bu ýerde biziň milli saz sungatymyzyň iň ajaýyp nusgalary bar. Beýle eseriň sahna gaýdyp gelmeginde, Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Orazgeldi Berdiýewiň hyzmaty örän uly diýip, bilermenler aýdýarlar. Şeýle hem oýny goýan režissýor Aýnazar Batyrowyň hem baletmeýster Ahmet Pürsiýanowyň bitiren işlerini aýratyn belleýärler. Belli opera aýdymçylary Annagurban Annarejebow, Gözel Öwezowa, Gülnar Nuryýewa, Myratgeldi Baýramgeldiýew ýaly zehinli artistler bolmasa, beýle uly işe amal etmegiň mümkin däldigini hem aýdýarlar.

“Leýli-Mejnunyň” sahna çykmagyna Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň ýaş aýdymçylary bilen hor toparlary gatnaşypdyr. Öňki belli opera aýdymçylary Maýa Kulyýewa, Goçmyrat Halmyradow gymmatly maslahatlary bilen bu topary ýakyndan goldapdyr.

Umuman aýdylanda, “Leýli-Mejnunyň” sahna çykmagynda öz zehinini hem wagtyny sarp eden adamyň gaty köp bolandygyny aýtmak gerek – diýip, diňleýjimiz Gowşut Öwezli hatyny dowam etdirýär. – Şeýle özara hyzmatdaşlyk, birek-biregi goldamak öň “Şasenem we Garyp” sahna çykanda-da bolupdy. “Şasenem we Garybyň” gaýtadan sahna çykmagy üçin, iş ýüzünde paýtagtyň ähli teatrlary, bar döredijilik toparlary kömek etdiler” diýip, şol döwürde metbugat ýazypdy.

Resmi habarlardan mälim bolşuna görä, bu teatr häzir “Zöhre-Tahyr” operasynyň üstünde işleýär. Ol operanyň hem ýakyn wagtda, belki-de, beýik türkmen klassygy Mollanepesiň doglan gününiň 200 ýyllygyna gabatlanyp sahna çykarylmagy mümkin. Şeýlelikde, bu teatr, iň esasy-da Türkmenistanyň sungat işgärleri sahna sungatynyň iň çylşyrymly hem agyr ugurlarynyň biri bolan Opera sungatyny döredip biljekdigini subut etdiler. Bu iki opera eseriniň sahnada goýulmagy hem onuň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy olaryň hyzmatynyň ýerine düşendigini subut edýär.

Ýöne bizi başga bir zat gynandyrýar. Şeýle ajaýyp sahna eserini näme üçin Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry goýýar? Ony öňküler ýaly Opera we Balet teatry goýsa bolmaýarmy? Eger şol beýik sungaty sahnada gaýtadan janlandyryp bolýan bolsa, ol tetaryň özüni näme üçin ýaňadan açmaly däl?

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem ýurduň hökümetiniň şu meselä üns bermegine wagt ýetdi. Başgalaryň kömegi örän gowy, ýöne bu teatryň şeýle uly eserleri sahna çykarmaga öz serişdesi hem ýeterlik güýji bolmaly. Eger hökümet Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň resmi durumyny üýtgedip, ony professional opera we balet teatryna öwürse, bu teatr üçin ýöripe maliýe serişdeleri bölünip berilse, maksada laýyk bolardy. Şonda olar başgalara garaşsyz öz işlerini özbaşdak ýola goýup bilerdiler.

Gowşut Öwezli Azatlyk Radiosynyň diňleýjisi. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG