Sepleriň elýeterliligi

Dagystan respublikasynda iki sany ýaragly söweşiji öldürildi


Duşenbe güni Orsýetiň Dagystan respublikasynda geçirilen harby operasiýa wagtynda azyndan iki sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugy bu operasiýanyň Dagystanyň Kasawýurt atly ilatly punktynda geçirilendigini habar berdi.

Bu wakanyň öňýany bolsa, düýn Dagystanyň Bawtugaý atly ilatly punktynda bu obanyň ýerli ymamy näbelli ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.

Ýerli ymamyň öldürilmeginiň sebäpleri barada häzirlikçe hiç hili garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG