Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karadiç sişenbe güni sud prosesine gatnaşar


Bosniýanyň serb milletinden bolan ozalky lideri Radowan Karadiçiň resmi maslahatçylary geçen hepde sud prosesini baýkotirlän Karadiçiň sişenbe güni sud prosesine gatnaşjakdygyny habar berdiler.

Geçen hepde Radowan Karadiç sud diňlenişigine taýýarlanmak üçin özüne ýeterlik wagtyň beriländigini aýdyp, öz işi bilen baglanyşykly Hagadaky harby tribunalyň diňlenişigine gatnaşmakdan ýüz öwrüpdi.

Sud oňa 1992-95-nji ýyllarda Bosniýada ýüz beren harby konfliktler bilen baglanyşykly genosid we uruş jenaýatçylygy ýaly jenaýatçylyklar boýunça 11 sany jenaýat aýyplamasyny bildirýär.
XS
SM
MD
LG