Sepleriň elýeterliligi

BMG Dünýä öýken sowuklama gününi bellemek üçin 39 milliard dollar soraýar


Şu gün ilkinji Dünýä pnewmoniýa, ýagny öýken sowuklamasy güni bellenýär.

Bu çäre ýaş çagalaryň iň uly ganymyndan habardar etmegi maksat edinýär.

Saglyk resmileri bu keseliň öýkene ýokuşyp, ýylda 2 milliondan hem kän çagany öldürýändigini aýdýarlar. BMG-niň Dünýä saglyk guramasy, ÝUNISEF. BMG-niň Çagalar fondy öýken sowuklamasynyň ösýän ýurtlaryň 68-sinde ýaýramagynyň öňüni almak üçin global herket planyna başlady.

Bu toparlar 2015-nji ýyla çenli 5 milliondan gowrak çagany halas etmek üçin keseliň öňüni alyş we bejeriş programmalaryny maliýeleşdirmäge 39 milliard dollar pul soradylar.
XS
SM
MD
LG