Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada doňuz dümewinden ölýänleriň sany artýar


Ukrainanyň saglyk ministrligi doňuz dümewi diýip pikir edilýän ýoňdan 67 adamyň ölendigini aýtdy.

Saglyk ministriniň orunbasary Wasyl Lazorişnets 255 müň çemesi adamyň dümewli diýlip hasaba alnandygyny aýtdy. Ol 15 müň çemesi dümewliniň hassahanalara ýerleşdirilendigini hem sözüniň üstüne goşdy. Kesellileriň 170-si agyr ýagdaýda.

Dümewlänleriň köpüsi Ukrainanyň Polşa, Slowakiýa, Wengriýa, Rumyniýa taraplaryndan.
XS
SM
MD
LG