Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan 10 müň tussagy azat edýär


Täjigistanyň parlamenti prezidentiň 10 müň çemesi tussagy azat etmek kararyny tassyk etdi.

Bu amnistiýa ýurduň Baş kanunynyň 15 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär.

Günä geçişe aýallar, ýaşlar we 55 ýaşdan geçenler, maýyp adamlar hem uruş weteranlary düşer. Agyr jenaýat eden tussaglar günä geçişe düşmez.

Bu günä geçiş Täjigistanyň adamdan hyryn-dykyn türmelerini biraz ýeňleder öýdülýär.

Halkara gözegçileri täjik türmelerinde keselçiligiň giň ýaýrandygyny we açluk-horlugyň höküm sürýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG