Sepleriň elýeterliligi

Karadiçiň öz uruş jenaýatlary sudunda peýda bolmagyna garaşylýar


Bosniýaly serb lideri Radowan Karadiç şu gün öz uruş jenaýatlary sudunda görner diýlip garaşylýar.

Karadiç bu sudy geçen hepde başlaly bäri boýkot edýär. özi özüni goraýan Karadiç goraga taýynlanmak üçin has köp wagt gerekdigini aýdýar.

Ol şu gün suddan özüne has köp wagt berilmegini sorar öýdülýär. Karadiç 11 günäde, şol sanda Srebrenisada 8 müň musulmanyň gyrylmagyny gurnamakda aýyplanýar. Bu gyrgynçylyk 1992-95-nji ýyllaryň Bosniýa urşunda bolupdy.

Karadiç ähli aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG