Sepleriň elýeterliligi

Saýlaw komissiýasy Kerzeýi saýlanan prezident diýip yglan etdi


Owganystanyň Saýlaw komissiýasy saýlawlaryň planlaşdyrylan ikinji tapgyrynyň ýatyrylýandygyny aýtdy. Garaşsyz saýlaw komissiýasy häzirki prezident Hamit Kerzeýi 2009-njy ýylyň saýlawynda saýlanan prezident diýip yglan etdi.

Komissiýanyň bu karary Kerzeýiň ýeke-täk bäsdeşi, öňki daşary işler ministri Abdylla Abdylla saýlawyň adalatly hem azat bolmajagyny aýdyp, bäsleşikden çekilenden soň kabul edildi.

BMG-niň baş sekrtary Ban Ki-mun bu karary goldady we Kerzeýiň ikinji möhlete prezident bolmagyny gutlady.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bolsa özüniň Kerzeý bilen telefonda gürleşendigini we oňa hökümeti gowy dolandyrmagy hem korrupsiýa garşy berk göreşmegi sargyt edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG